Sepleriň elýeterliligi

Baýden Erdogan bilen maslahatlaşýar


Yrakda howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen, Birleşen Ştatlaryň wise-perzidenti Jo Baýden Yragyň jeňçi yslam döwleti we Lewant toparlarynyň güýçlenmegi barada Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan bilen maslahat etdi.

Baýden we Erdogan soňky üç günde ikinji gezek telefonda gürleşip, «Al-Kaýda» bilen ilteşikli toparyň Ýakyn Gündogara we dünýä salýan howpy barada pikir alyşdy.

Prezident Barak Obama özüniň Yraga sünnileriň ýolbaşçylygyndaky pitneçilige garşy durmakda harby kömek bermegiň pikirini edýändigini aýtdy.

Ýöne ol Yragyň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň ýurtdaky şaýy-sünni mezhep bölünişigi meselesini çözmelidigini belledi.
XS
SM
MD
LG