Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ýer yrandy


Yslambatadaky resmiler Owganystanda bolan ýer yranmasynyň demirgazyk-günbatar Pakistanda duýlup, ilatyň arasynda howsala dörendigini aýdýarlar.

Ýer yranmasynyň pidalary ýa ýetiren zyýany barada habar berilmedi.

Pakistanyň Meteriologiýa departamentiniň alymy Mohammad Riýaz 14-nji iýunda Peşawar şäherinde we onuň töwereklerinde 6 bally ýer yranmasynyň duýlandygyny aýtdy.

Ol ýer yranmasynyň episentriniň Hindiguş daglarynda, goňşy Owganystanda bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG