Sepleriň elýeterliligi

BMG: "Al-Kaýda" howp salýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň täze hasabatynda «Al-Kaýda» guramasynyň, NATO güýçleri 2014-nji ýylyň aýagynda Owganystandan çykandan soň, Owganystana we tutuş sebite uzak möhletli howp salýandygy aýdylýar.

Hasabatda Pakistanda «Al-Kaýdanyň» bölümleri bolup durýan Pakistan «Talyban» hereketiniň, "Laşkar-e-Taiba", "Laşkar-e-Jhangwi" toparlarynyň gündogar we günorta Owganystandaky owgan güýçlerine yzygiderli hüjüm edýändigi aýdylýar.

Demirgazyk Owganystanda bolsa, Özbegistanyň Yslam hereketi özbek asylly owganlaryň arasynda güýçlenmegini dowam etdirip, birnäçe welaýatda hereket edýär diýip, hasabatda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG