Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran hyzmatdaşlyga taýýar


Prezident Hassan Rohani, eger Waşington Yrakdaky sünni ekstremistlerine garşy herekete geçse, Eýran Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlyk etmek barada oýlanmaga taýýar diýdi.

Rohani 14-nji iýunda guralan metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: "Biziň hemmämiz iş ýüzünde we dilde terror toparlaryna garşy durmaly.”

Ol bu sözleri sünnileriň ýolbaşçylygyndaky pitneçileriň demirgazyk Yragyň köp bölegini, şol sanda Mosul, Tikrit şäherlerini alyp, Bagdada tarap ilerleýän wagtynda aýtdy.

Döwlet departamenti 13-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň Yrakda howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy barada «eýranlylar bilen gepleşmeýändigini» aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtonyň Yraga jeňçileriň ilerlemesine garşy durmak üçin gaýtadan goşun ibermeýändigini, emma Bagdada harby kömek bermek meseýelsine garaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG