Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: '49 esger öldürildi'


Ukrainanyň Goranmak ministrligi Luhansk regionynda 49 esgeriniň separatist söweşijiler tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

Bu hadysa ukrain goşunynyň Il-76 transport uçary, üsti esgerli Luhansk uçar meýdanynda gonjak wagty, separatistler tarapyndan atylyp ýykylanda bolupdyr.

Bu hüjüm Waşington Kiýewiň Orsýet orsýetçi separatistlere agyr harby enjamlary, şol sanda tanklary we raketa atyjylary iberýändigi baradaky sözlerini tassyklap biljegini aýdandan birnäçe sagat soň boldy.
XS
SM
MD
LG