Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda prezident saýlanýar


Saýlaw nobatlary, Bamyýan welaýaty, 14-nji iýun, 2014.
Saýlaw nobatlary, Bamyýan welaýaty, 14-nji iýun, 2014.
«Talyban» haýbatlaryna garamazdan, owgan saýlawçylary Kabulda prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses bermek üçin uzyn nobatlara düzüldi.

Ozalky daşary işler ministri Abdylla Abdylla Bütindünýä bankynyň ozalky ykdysatçysy, ozalky maliýe ministri Aşraf Gani bilen möhleti dolan prezident Hamid Karzaýyň ornuny almak ugrunda bäsleşýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň Kabul býurosynyň başlygy Abdul Hamid Mohmand ses berişligiň häzire çenli gowy barýandygyny aýtdy.

"Hatda Logar welaýaty ýaly howpsuzlygyň iň pes ýerlerinde hem köp aýal we erkek ses bermäge gatnaşdy” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

"Ýurtda parahatçylyk üçin ses berdim"
'Parahatçylyk üçin ses berdim'
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:26 0:00

Abdylla Abdylla Kabulda ses bereninden soň, Owganystanyň halkyna ýüzlenip, şeýle diýdi: "Bu siziň günüňiz, bu biziň günümiz, bu gün Owganystanyň güni.”

“Olara has gowy günler garaşýar, olara has abadan durmuş garaşýar, olara parahatçylykly ýaşaýyş garaşýar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Karzaý bolsa şeýle diýdi: “Adamlaryň saýlaw uçastoklaryna toplanmagy we ses bermegi ýurdy has gowy durnuklylyga, has gowy dolandyryşa we has gowy durmuşa elter.”

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy Ahmad Ýusuf Nuristani saýlawçylary we gözegçileri guramaçylaryň saýlaw prosesiniň kanuny ýeňijini ýüze çykarjagyna ynandyrmaga çalyşdy.

'Taryhy' saýlawyň nobatlary
'Taryhy' saýlawyň nobaty
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:03 0:00

Resmileriň maglumatlaryna görä, Kabulyň köçelerine müňlerçe howpsuzlyk esgeri ýerleşdirildi, ýurt boýunça bolsa 40 müň çemesi esger saýlawçylaryň howpsuzlygyna esewan bolýar.

«Talyban» saýlawdan öň hüjümlerini ýygjamlatdy we ilatyň saýlaw uçastoklaryndan daşda durmalydygyny aýdyp, haýbat atdy. Emma häzire çenli uly bir hüjümiň bolandygy eşidilmedi.

Owgan paýtagtynyň demirgazygynda üç partlamanyň, günbatarynda bolsa bir partlamanyň bolandygy habar berildi. Emma bu partlamalarda pida bolanyň ýokdugy aýdylýar.

Çagalaryň ölümi

Gündogardaky Host welaýatynyň gubernatorynyň orunbasary Abdul Wahed Pathan dpa habar gullugyna Alişer etrabynda bir öýe düşen raketanyň bäş çagany öldürendigini, altysyny bolsa ýaralandygyny aýtdy.

Pathan saýlawyň gidişiniň umuman «kadalydygyny», emma käbir saýlaw nokatlarynda ses berilýän býulletenleriň gutarandygyny aýtdy.

AFP habar gullugy gündogarda bir raketanyň saýlaw uçastogyna düşüp, iki saýlawçyny öldürendigini habar berdi.

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň sözçüsi Nur Muhammad Nur Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna saýlaw prosesiniň «üstünlikli» bolandygyny aýtdy.

"Aýgytly saýlawçylary gördüm"

Ýewropa Bileleşiginiň saýlaw gözegçiligi toparynyň baş synçysy Thijs Berman saýlaw uçastoklaryna baryp göreninden soň, "Meniň gören zatlaryma görä, bu hüşgär howpsuzlyk ýagdaýynda geçirilen örän asuda saýlaw güni boldy."

"Birinji tapgyrda bolşy ýaly, men örän aýgytly saýlawçylary gördüm" diýip, Berman «Roýters» habar gullugyna aýtdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Sidik Sidiki 14-nji iýunda Azatlyk radiosyna şeýle diýdi:

"Ýene bir gezek aýdýaryn, saýlawlar örän gowy atmosfearada geçdi we ses berişligiň tamam bolandygy resmi taýdan yglan edildi. Biz muňa örän gowy baha berýäris. Biz aýratyn bir synaga duçar bolmadyk. Biz ýurt boýunça howpsuzlyk güýçlerini nyşana alýan 150 hüjümi hasaba aldyk, emma, allanyň ýardamy bilen, olaryň hemmesi yzyna serpikdirildi."

Bu Owganystanda häkimiýetiň ilkinji gezek demokratik esaslarda bir adamdan başgasyna geçmegi bolmaly.

5-nji aprelde geçen saýlawlarda Abdyllanyň öňe saýlanandygy aýdylýar.

Prezident saýlawlarynyň soňky netijeleriniň 22-nji iýulda yglan edilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG