Sepleriň elýeterliligi

"Türkmenistan taýýar, bökdençlik Owganystanda"


Kenaryny opurýan derýa

Kenaryny opurýan derýa

Demirgazyk Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary, deputat Abdylkadyr Malia Türkmenistan tarapynyň owgan türkmenleriniň haýyşy esasynda, Owganystana baryp, Amyderýanyň kenaryny berkitmek işine başlmaga taýýardyklaryny aýdýar.

Emma bu iş gijikdirilýär we, Malianyň aýtmagyna görä, Owganystan tarapy Türkmenistanyň öz wada beren kömegini etmegine mümkinçilik döretmeýär.

Mälim bolşy ýaly, Owganystanda geçirilen prezident saýlawlaryndan öň türkmen resmileri owgan resmileri, şol sanda Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň wekilleri bilen duşuşyp, Amyderýanyň kenaryny berkitmek barada maslahat edipdiler.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy bu maslahatda ylalaşylan zatlaryň iş ýüzünde berjaý edilişi bilen gyzyklanyp, Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Abdylkadyr Malia bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG