Sepleriň elýeterliligi

ÝB 'Günorta koridory' tizleşdirmekçi


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroza ÝB bilen Azerbaýjan Günorta koridor proýektini durmuşa geçirmeklige gönükdirilen tagallalary güýçlendirýär diýýär.

Barroza 14-nji iýunda Bakuwda çykyp gürläp, iki tarapyň hem bu proýekti ileri tutmak barada ylalaşyga gelendigini aýtdy.

Brýussel ÝB ýurtlarynyň gaz üpjünçiligini diwersifikasiýa etmekde esasy gural hasaplanýan Günorta koridoryň 2019-njy ýyla çenli gurulmagyna umyt baglaýar.

Bu proekt azeri gazyny geçiriji arkaly Türkiýäniň we Gresiýanyň üstünden Albaniýa, Italiýa, Bolgariýa we beýleki ýewropa bazarlaryna getirmegi nazarda tutýar.

Häzir Ýewropanyň ulanýan gazynyň 60 prosent çemesi Orsýetden alynýar.
XS
SM
MD
LG