Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazprom gepleşikler bozuldy diýýär


Orsýetiň Gazpromunyň sözçüsi Sergeý Kupriýanow Kiýew bilen gaz dawasy baradaky gepleşikleriň 15-nji iýun güni irden netijesiz gutarandygyny aýdýar.

Kupriýanow gepleşikleriň indiki senesiniň hem kesgitlemändigini aýtdy. Emma Ukraina gaz dawasy baradaky üç taraply gepleşikleriň 15-nji iýunda giçlik gaýtadan başlanjagyny aýtdy.

Ukrainanyň energiýa ministri Ýuriý Prodan biraz öň gepleşikleriň 15-nji iýunda, Orsýet bilen arada gazyň bahasy üstünde dörän dawany çözmek üçin, dowam etdiriljegini aýtdy.

Moskwa Kiýew 16-njy iýuna çenli 1.96 milliard dollar tölemese, Ukraina gaz ibermesini kesjegini aýdýar.

Bu çäre Ukrainanyň üstünden Ýewropa Bileleşigine gelýän gaz akymynyň hem kesilmegine getirer.

Gepleşiklere Ýewropanyň energiýa komissary Guenther Oettinger hem gatnaşýar.

Ukraina Gazproma, eger Moskwa 18 aýda alnan her müň kub metr gazyň bahasynyň 326 dollardan tölenmegine razy bolsa, bergisini tölemegi teklip etdi.

Orsýet özüniň her müň kub metr gazyna 385 dollar baha kesýär.
XS
SM
MD
LG