Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan saýlaw işgärleri öldürildi


Owgan resmileri ýol ýakasynda goýlan bombanyň partlap, 14-nji iýun agşamy saýlaw uçastogyndan miniawtobusly öýlerine gelýän saýlaw işgärleriniň onusyny we bir çagany öldürendigini aýdýarlar.

Samangan welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Sedik Azizi 15-nji iýunda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna ölenleriň dördüsiniň Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň işgäri bolandygyny, altysynyň bolsa saýlaw synçysy bolandygyny aýtdy.

Ol Samanganyň paýtagty Aýbagyň golaýynda bolan hüjümiň pidalarynyň altysynyň aýallar bolandygyny aýtdy.

Bu waka prezidentlige kandidatlar Abdylla Abdylla bilen Aşraf Ganiniň arasynda geçirilen ikinji tapgyr prezident saýlawlarynda berlen sesler sanalyp başlan wagty bolupdyr.

Saýlawlaryň deslapky netijeleriniň 2-nji iýulda, ahyrky netijeleriniň bolsa 22-nji iýulda aýan edilmegine garaşylýar.

Ak tam saýlaw komissiýasynyň gelýän hepdelerde saýlaw galplyklaryna ýol bermezliginiň «aýratyn möhüm» bolup durýandygyny aýtdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy «Talybanyň» jeňçileriniň Hyrat welaýatynda, prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna gatnaşandyklary üçin, 11 adamyň barmaklaryny kesendigini anyklady.
XS
SM
MD
LG