Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda 100 jeňçi öldürildi


Pakistan resmileri Pakistanyň söweş uçarlarynyň 15-nji iýun güni irden ýurduň demirgazyk-günbataryndaky jeňçi bukularynyň azyndan sekizisine howa zarbalaryny urup, 100 çemesi jeňçini öldürendiklerini aýdýarlar.

Olar 8-nji iýunda Karaçidäki aeroportuň bäş sagatlap ele geçirilmegini gurnamaga kömek eden jeňçi lideri diýip bilinýän Abu Abdul Rehman al-Maaniniň hem şol öldürilenleriň arasyndadygyny aýdýarlar.

Howa zarbalarynda daglyk Dehgan töweregi nyşana alyndy. Bu ýer Miranşahdan, demirgazyk Waziristanyň paýtagtyndan 25 km çemesi günbatarda ýerleşýär we “Talyban» we «Al-Kaýda» bilen ilteşikli jeňçileriň mesgeni diýip bilinýär.

Pakistanyň harby resmileri howa zarbalarynyň häkimiýetler ol ýerde özbek jeňçileriniň we beýlekileriň bardygyny tassyklandan soň urlandygyny aýtdylar.

Pakistanyň «Talybany» we Özbegistanyň Yslam hereketi bir hepde mundan öň Karaçiniň halkara aýeroportuna edilen hüjüme özbek söweşijileriniň gatnaşandygyny aýtdylar.

Bu hüjümde 38 adam, şol sanda jeňçi hüjümçiler öldürildi.
XS
SM
MD
LG