Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Yraga çagyryş edýär


Waşington, eger Yrakdaky howpsuzlyk ýagdaýy ýaramazlaşmagyny dowam etdirse, prezident Barak Obama harby mümkinçilik döretmek üçin, Aýlaga bir uçar göteriji iberdi.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Heýgel (Chuck Hagel) göterijiniň 15-nji iýunda öz gerek ýerinde ýerleşdiriljegini aýtdy.

Döwlet sekretary Jon Kerri Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zibarä 14-nji iýunda ABŞ-nyň jeňçileriň ilerlemegine garşy kömegi diňe yrak liderleri çuň bölünişikleri ýeňip geçip, golaýdaky saýlawlaryň netijelerini tassyklap, täze bitewülik hökümetini düzen ýagdaýynda işlär diýdi.

Sünnileriň ýolbaşçylygyndaky jeňçiler, Yragyň Yslam döwleti we Lewant (YYDL) demirgazyk we günbatar Yrakda giň territoriýany, şol sanda Mosul we Tikrit şäherlerini eline geçirdi hem-de Bagdada tarap ugur aldy.

Olaryň ilerlemesi 15-nji iýunda, Yragyň howpsuzlyk güýçleri Bagdadyň demirgazygyndaky şaýy we kürt milisiýasy bilen güýçlendirilenden soň gowşan ýaly göründi.
XS
SM
MD
LG