Sepleriň elýeterliligi

logo-print

​Russiýa Ukraina akdyrýan gazyny çäklendirdi


Russiýa özüniň Kiýewe akdyrýan tebigy gazyny çäklendirdi. Russiýa bu çäräni tebigy gaz karzyny Moskwa tölemek barada 16-njy iýuna çenli Ukraina berlen möhlet dolandan soň amala aşyrandygyny aýtdy. Ýöne Moskwa bu çäräniň Ýewropa akdyrylýan gaza öz täsirini ýetirmejekdigini belledi.

Russiýanyň “Gazprom” kärhanasynyň metbugat wekili Sergeý Kupriýanow Ukraina gija goýlan tebigy gaz karzy üçin hiç zat tölemändigi sebäpli Moskwanyň Kiýewe tebigy gaz akdyrmagy üçin hiç hili kanuny esas ýok diýdi.

Şeýle-de, Kupriýanow Moskwanyň Ýewropadaky müşderilerine akdyrýan tebigy gazynyň Kiýewiň üstünden bökdençsiz geçirilýändigi barada häzirki wagt Ukrainanyň kepil geçmäge borçludygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda 15-nji iýunda Kiýewde geçirilen gepleşiklerde takmynan 2 milliard amerikan dollary möçberindäki ylalaşyk barada netijä gelinmedi.

Ýewropa Komissiýasynyň 16-njy iýunda ýaýradan beýanatynda gepleşiklerde Kiýew tebigy gaz karzynyň 1 milliard amerikan dollaryny häzirki wagt we galanyny soňra tölemäge razy boldy, emma Russiýa muny ret etdi diýilýär.
XS
SM
MD
LG