Sepleriň elýeterliligi

​Pakistan söweşijilere garşy hüjümlerine gaýtadan başlady


Pakistanyň harby söweş uçarlary ýurduň ýowuz Demirgazyk Waziristan sebitindäki söweşijilere garşy amala aşyrýan hüjümlerine 16-njy iýunda gaýtadan başladylar.

Resmiler bu hüjümde 20 söweşijiniň öldürilendigini habar berýärler. Ýöne gürrüňi gidýän sanlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Pakistan mundan bir hepde öň Karaçi aeroportuna amala aşyrylan ýowuz hüjüme jogap bolup görünýän harby operasiýalarynyň çäginde 15-nji iýunda ýurduň Demirgazyk Waziristan sebitine harby goşunlaryny, artilleriýa toplaryny we harby dikuçarlaryny ugratdy.

Pakistanyň harby resmileriniň maglumatyna görä, 15-nji iýunda ýurduň harby söweş uçarlary Demirgazyk Waziristanda söweşijileriň sekiz sany buky ýerlerini bombalapdyrlar. Munuň netijesinde, 105 “özbek söweşijisiniň”, şol sanda Karaçi hüjümini gurnamakda aýyplanýan topar lideriniň öldürilendigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň berýän maglumatyna görä, gürrüňi edilýän sebitdäki söweşler sebäpli tire-taýpalar regionyndan 50 müňden gowrak ýaşaýjy başga territoriýalara göçürilipdir.
XS
SM
MD
LG