Sepleriň elýeterliligi

​Russiýa: Ýangynda alty adam öldi


Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda dörän ýangynyň daş-töwerege ýaýramagy netijesinde azyndan alty adam öldi.

Russiýanyň Sibir sebitindäki Krasnoýarsk regionynyň resmileri 16-njy iýunda beren maglumatlarynda ýaralanan ýedi adamyň keselhana ýerleşdirilendigini, başga-da iki sanysynyň ýitirim bolandygyny mälim etdiler.

Russiýanyň “Açinsk” nebiti gaýtadan işleýän zawodyndaky ýangyn tebigy gaz partlamasynyň netijesinde 15-nji iýunda döräpdir.

Gürrüňi gidýän nebiti gaýtadan işleýän zawod döwlet eýeçiligindäki “Rosneft” kärhanasyna degişlidir.
XS
SM
MD
LG