Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Separatistler bankyň jaýyny aldy


Ukrainanyň Donetsk şäherinde Russiýa tarapdary pitneçiler Ukrain hökümetiniň merkezi bankynyň jaýyny ele saldylar.

Pitneçileriň wekili Oleksandr Matýuşiniň 16-njy iýunda beren maglumatyna görä, separatistler sebitiň ýerli gaznasynyň we salgyt ýygnama gullugynyň kontrollygyny öz-özüni ykrar eden “Donetks halk respublikasynyň” üstüne geçirmek barada ýerli administrasiýa bilen gepleşiklere başlapdyrlar.

Matýuşin: “Biz salgytdan gelýän girdejileriň Kiýewe gitmän, şu ýere galmagyny isleýäris” diýdi.

Öz-özüni ykrar eden guramanyň premýer-ministriniň orunbasary Andreý Purgin metbugata beren maglumatynda “Bu zor bilen basyp alma däl. Bu planlaşdyrylan gepleşik” diýdi.

Gürrüňi edilýän bankyň işgärleri binanyň daşyna çykýan mahaly ýaragly separatist adamlar bankyň esasy gapysynda garawullyk etdiler.
XS
SM
MD
LG