Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Söweşler dowam edýär


Yragyň howpsuzlyk güýçleri sünnileriň ýolbaşçylygyndaky “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) atly toparlaryň söweşijilerine garşy söweşdiler. 17-nji iýunda gozgalaňçylaryň Bagdada tarap hereket etmäge synanyşandygy aýdylýar.

Goşunyň we polisiýanyň aýtmagyna görä, geçen gije söweşijiler Bagdaddan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Bakuba şäherine hüjüm edip, ony basyp alypdyr. Emma howpsuzlyk güýçleri 17-nji iýunda hüjümçileri yza serpikdirmegi başarypdyr.

Söweşijiler Bagdaddan 420 kilometr uzaklykda ýerleşýän Tal Afar şäherine gözegçilik edýärler. Resmiler onlarça parahat ýaşaýjynyň we esgeriň wepat bolandygyny habar berýärler.

“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparlaryň söweşijileri Yragyň ululygy boýunça ikinji ýerde duran Mosul şäherini, şeýle-de Tikrit şäherini basyp aldylar.

17-nji iýunda BMG-niň Bagdadaky ilçisi Nikolaý Mladenow söweşijileriň “Yraga wehim salýandygyny” aýtdy.
XS
SM
MD
LG