Sepleriň elýeterliligi

Wena: Eýranyň ýadro meselesine garalýar


Eýranyň gepleşikleri alyp barýan wekilleri dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň diplomatlary bilen duşuşyklarynyň ikinji gününi dowam etdirip, ýadro meselesi boýunça gepleşikleriň aýgytly tapgyryna ýetdiler.

Wenada geçirilýän gepleşikler 21-nji iýuna çenli dowam etdiriler we Eýranyň ýadro mümkinçiliklerini çäklendirýän hemmişelik ylalaşygy gazanmak maksadyny öz öňünde goýýar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemmişelik bäş agzasy we Germaniýa Tähranyň ýadro programmasynyň togtadylmagyny we ýurduň ýadro obýektleriniň halkara gözegçileri üçin elýeterli bolmagyny isleýärler.

Eýran özüniň ýadro ýaragyny döretmäge synanyşýandygy barada Günbatar tarapyndan bildirilýän aladalanmalaryň soňuna çykmak boýunça ylalaşyk baglaşyp, halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny isleýär.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 20-nji iýula çenli hemmeşelik ylalaşygy baglaşmagyň öňünde duran “gapma-garşylyklary hoşniýetlilik we maýyşgaklyk bilen” aradan aýyryp boljakdygyny aýtdy.

Geçen aýda gepleşikler Eýranyň saklap galmak isleýän sentrifuga gurallarynyň sany sebäpli petige direlipdi.
XS
SM
MD
LG