Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýyna garaýar


Türkmenistan
Türkmenistan
BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişine syn edýär.

Komitet 2006-njy ýylda Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýyna syn edipdi, onuň häzirki maslahatynda Türkmenistanyň hökümetiniň 2006-njy ýyldan bäri gazanan özgerişliklerine baha berler.

17-nji iýunda Wenada BMG-niň resmi edarasynda Türkmenistanda çagalar meselesine seredilmegi bilen baglylykda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary ýörite beýannama ýaýratdylar.

Adam hukuklary boýunça ”Türkmen inisiatiwasy” guramasy we ”Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy” guramasy öz bilelikde ýaýradan beýannamasynda “awtoritar, repressiw we ýapyk merkezi aziýa döwletinde çagalaryň hak-hukuklarynyň üznüksiz depelenmegine” özleriniň aladalanma bildirýändigini ýazyp, bu meselä ünsi çekýärler.

Guramalaryň beýannamasynda çagalaryň we ýaşlaryň maglumat elýeterliligi, bilim almak, dynç almak we medeni işlere gatnaşmak, medisina hyzmatlaryndan we sosial üpjünçilikden peýdalanmak boýunça hukuklarynyň deplenýändigi aýdylýar we ýurtda 2007-nji ýyldan soň başlanan käbir reformalara garamazdan, uly özgerişiň bolmandygy bellenilýär.

Maglumatda türkmen häkimiýetleriniň internet elýeterliligini çäklendirýändigi, bilimi ideologiýanyň täsirine sezewar edýändigi bellenilýär. Öň mekdeplerde hökmany sapak hökmünde okadylan prezident Nyýazowyň “Ruhnama” kitabynyň häzirki prezidentiň eserleri bilen çalyşylandygy, okuwçylaryň ýurduň gülläp ösýändigini wasp etmek boýunça geçirilýän dabaralara köpçülikleýin gatnaşdyrylýandygy aýdylýar. Soňky ýyllarda ýurtda internet hyzmatlarynyň ýaýbaňlanmagyna garamazdan, garaşsyz maglumatlary berýän saýtlaryň, sosial ulgamlarynyň petiklenýandigi tekrarlanýar.

Adam hukuklary boýunça ”Türkmen inisiatiwasy” we ”Halkara partnýorlygy” guramalarynyň pikirine görä, BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komiteti Türkmenistandaky ýagdaýa üns bilen syn edip, türkmen hökümetinden jikme-jik hasabat bermegi, statistik sanlary görkezmegi we onuň diňe häzirki ýagdaý barada hasabat bermek bilen çäklenmän, sekiz ýyl mundan öň edilen rekomendasiýalaryň berjaý edilişindäki dowam edýän kemçilikleriň sebäplerini hem düşündirmegi soramaly.

BMG-niň çagalaryň hukuklary boýunça konwensiýasynyň ýerine ýetirilişine syn edýän Çagalaryň hukuklary boýunça komitetiniň häzirki maslahatynda Türkmenistanyň häkimiýetleriniň 2015-nji ýylyň ýanwar aýyna planlaşdyrylan indiki maslahatyna çenli hasabat bermeli meseleleriniň sanawynyň hem kesgitlenjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG