Sepleriň elýeterliligi

Keniýa: Yslamçylar 15 adamy öldürdi


Yslamçy söweşijiler Keniýanyň kenarýaka giňişligine eden täze hüjüminde azyndan 15 adamy öldürdiler. Polisiýa ýaragly adamlaryň Mpeketoni şäheriniň golaýynda azyndan bir oba hüjüm edip, ýaşaýyş jaýlary oka tutandygyny aýtdy.

15-nji iýunda Mpeketoni şäheriniň myhmanhanalaryna we polisiýanyň bölümine edilen hüjümler zerarly 50 çemesi adam wepat boldy.

Somaliniň “Al-Shabab” topary hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we Gündogar Afrikanyň iň uly ykdysadyýetli bu ýurdundaky hereketlerini dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Keniýada ençeme hüjümi amala aşyran “Al-Kaýda” bilen bagly bu topar Keniýanyň hökümetiniň 2011-nji ýylda Somaliniň BMG tarapyndan goldanýan hökümetine söweşijilere garşy söweşmäge ýardam bermek üçin goşun iberendigi üçin ony jezalandyrýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG