Sepleriň elýeterliligi

Krasnoýarsk: Pidalaryň sany sekiz adama ýetdi


Orsýetiň Sibir regionynda esasy nebit zawodynda 15-nji iýunda bolan ýangynda pidalarynyň sany sekiz adama ýetdi.

Krasnoýarsk regionynda ýerleşýän günde 140 müň barrel nebiti öndürýän Açinsk zawodynyň resmileri ýitirim bolan ýene iki işgäriň jesediniň tapylandygyny habar berdiler.

Ýangynda ýaralanan ýedi adam häzir keselhanada saklanýar. Habar berilişine görä, olaryň dördisi agyr ýagdaýda.

15-nji iýunda Açinsk zawodunda ýangynyň emele gelmegine gaz partlamasy sebäp bolupdyr.

Bu nebit zawody “Rosneft” kompaniýasyna degişli.
XS
SM
MD
LG