Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Söweşlerde 125 harby ölüpdir


Ukraina terrora garşy operasiýalarda 125 esgeriň wepat bolandygyny aýdýar. Ukrainanyň birinji wise-premýeri Witaliý Ýerema hökümetiň iki aý mundan öň ýurduň gündogarynda Orsýete tarapdar separatistlere garşy başlan “terrorçylyga garşy” operasiýalarynyň dowamynda howpsuzlyk güýçleriniň 125 wekiliniň wepat bolandygyny aýtdy.

Ýaremanyň 16-njy iýunyň aýagynda aýtmagyna görä, öldürilenleriň arasynda esgerler, polisiýa ofiserleri, serhetçiler we Ukrainanyň howpsuzlyk güllugynyň işgärleri bolupdyr. Ukrainanyň hökümet güýçleri 14-nji iýunda Orsýete tarapdar separatistleriň harby uçary urup gaçyrmagynyň netijesinde agyr adam ýitgisini çekdiler. Şonda 49 adam wepat bolupdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Ukrainanyň serhet gulluklary 17-nji iýunda Donesk regionynda separatistleriň barlag-geçiş nokadyna eden hüjüminde 31 sany serhetçiniň we esgeriň wepat bolandygyny habar bediler.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň we Goranmak geňeşiniň ýolbaşçysy Andriý Parubiý Donetskde we Luhanskda 15-20 müň aralygynda onuň öz sözi bilen aýdylanda “ýaragly terrorçynyň” bar bolmagynyň şeýle-de olaryň ýarsyndan gowragynyň “Orsýetden gelen bolmagynyň” çak edilýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG