Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Rekomendasiýalar ýerine ýetirilmeýär"


Türkmen çagasy
Türkmen çagasy
BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komitetinde Türkmenistanda çagalaryň hukuklary boýunça maslahat boldy. Bu maslahata adam hukuklary boýunça «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbutullin hem gatnaşdy. Azatlyk Radiosy ol maslahatda edilen gürrüňler barada hukuk goraýja birnäçe sorag bilen ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy: Farid, 17-nji iýunda Ženewada BMG-niň çagalaryň hukuklary komitetiniň nobatdaky mejlisi bolup, onda Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişine seredildi. Bu mejlisde çykyş eden hukuk goraýjy hökmünde şeýle meselä şu günki günde garalmagynyň sebäplerini düşündirip bilmezmisiňiz?

Farid Tukhbatullin
Farid Tukhbatullin
Farid Tuhbatullin: Dogrudanam, düýn Ženewada Türkmenistanda bagyşlanan mejlis geçirildi, bu meselä Çagalaryň hukuklary baradaky komitetde seredildi. Ol ýerde biziň alternatiw hasabatymyz diňlenildi. Sebäbi diýseň, prosedura boýunça, bu komitet diňe bir hökümetiň hödürleýän resmi hasabatyny diňlemän, eýsem garaşsyz guramalaryň hem hasabatlaryny diňlemeli.

Türkmenistan ilkinji gezek öz hasabatyny 2006-njy ýylda hödürledi we bu barada hasabat berdi. Prosedura boýunça häkimiýetler her bäş ýyldan öz hasabatyny bermeli we komitet ýagdaýy gowulaşdyrmak üçin öz rekomendasiýalaryny bermeli. Şondan soňky bäş ýylda häkimiýetler bu rekomendasiýalar boýunça işläp, soňra olar boýunça eden işlerini aýtmaly.

Gynansak-da, Türkmenistan 2010-njy ýylda hem, 2011-nji ýylda hem öz hasabatlaryny hödürlemedi. Indi Türkmenistanyň hasabaty şu ýyla bellenildi we bu meselä tutuşlygyna 2015-nji ýylyň ýanwarynda serediler. Onsoň düýn Çagalaryň hukuklary boýunça komitetde biziň hasabatymyz diňlenildi.

Azatlyk Radiosy: Eýsem siziň taýýarlan hasabatyňyzda Türkmenistanda çaga hukuklarynyň ýagdaýyna nähili baha berilýär?

Farid Tuhbatullin: Biz Çagalaryň hukuklary baradaky komitet tarapyndan Türkmenistanyň häkimiýetlerine 2006-njy ýylda berlen rekomendasiýalaryň ýerine ýetirilişine seretdik. Gynansak-da, olar ýerine ýetirilmedi. Hususan-da ol ýerde «türkmenleşdirme» diýilýän barada gürrüň edilipdi. Ýagny ähli çagalary, milletine garamazdan, türkmen milli eşiklerinde gezmäge mejbur edýändikleri barada aýdylýardy.

Gynansak-da, bu praktika henize çenli hem saklanýar. Şeýle-de ol ýerde çagalaryň hukuklary boýunça ýörite ygtyýarly wekiliň bolmalydygy aýdyldy, emma şeýle wekil şindi hem ýok. Häkimiýetler başga-da bir topar rekomendasiýany ýerine ýetirmediler. Onsoň biz türkmen häkimiýetleriniň BMG-niň komitetiniň rekomendasiýalaryny ýerine ýetirmeýändigini nygtadyk.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda soňky ýyllarda käbir ilerlemeleriň bolandygy aýdylýar. Eýsem şu geçen döwürde ol ýerde çaga hukuklary boýunça pozitiw zat bolmadymy?

Farid Tuhbatullin: Elbetde, häkimiýetler hakykatdanam käbir ädimleri ätdiler. Mysal üçin, geçen ýylyň awgustynda döwletiň ýaşlar syýasaty baradaky kanun kabul edildi. Şu ýylyň aprelinde bolsa, çagalaryň hukuklarynyň döwlet kepilligi baradaky kanun kabul edildi. Bu ýerde çagalaryň käbir hukuklary ýazylyp beýan edilýär. Bularyň hemmesini häkimiýetleriň edýän işleriniň pozitiw aspekti hökmünde kabul etmek mümkin. Emma bu kanunlaryň durmuş ýüzünde nähili berjaý ediljegi başga mesele we muny wagt görkezer. Emma häzirki pursatda bu kanunlaryň bardygyny aýtmak bolar.
XS
SM
MD
LG