Sepleriň elýeterliligi

​Karzaý: Yrakdaky ýagdaýlar Kabulda gaýtalanmaz


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý şu ýylyň ahyrynda halkara güýçleri ýurdy terk eden soň, Owganystanyň hem Yragyň düşen bulam-bujarlygyna düşmeginiň ahmaldygy baradaky aýdylanlary ret etdi.

Yrakda bolýan ýagdaýlaryň Owganystanda hem bolup-bolmazlygy barada “BBC” korporasiýasynyň Kabulda beren soragyna Karzaý: “Hiç wagt asla beýle zat bolmaz” diýip, jogap berdi.

18-nji iýunda ýaýradylan interwýuda Owganystanyň wezipesi tamamlanyp barýan prezidenti “Al-Kaýda” hereketiniň indi Owganystanda hereket etmeýändigini belledi.

2011-nji ýylyň dekabr aýynda Birleşen Ştatlaryň soňky goşuny Yragy terk edensoň, ýurtda “Al-Kaýda” hereketine degişli toparlaryň söweşijileri ýaşaýjylarynyň aglabasy sünni araplardan ybarat ýurduň demirgazygynyň kontrollygyny ele saldylar we şondan soň, olar Bagdada tarap süýşüp başladylar.

Karzaýyň prezidentlik wezipesi awgust aýynda tamamlanar. 2001-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň liderligindäki goşun Owganystanda “Talyban” režimini häkimiýetden agdarandan soň, Karzaý döwlet başyna geçipdi.
XS
SM
MD
LG