Sepleriň elýeterliligi

"Diri görkez" dowam edýär


25-nji noýabr wakasy diýilýän sebäpli tussag edilen B.Şyhmyraodw

25-nji noýabr wakasy diýilýän sebäpli tussag edilen B.Şyhmyraodw

«Olary diri görkeziň» atly halkara kampaniýa gatnaşyjylar Şweýsariýada brifing geçirdiler.

16-njy iýunda, BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň 26-njy sessiýasynyň gidişinde «Türkmenistanda we Belarusda adam hukuklary: zorlukly ýitirim edilmeler we adam gynamalary» diýen at bilen maglumat beriş ýygnagy boldy.

Bu brifing «Human Rights Watch» guramasy we «Raýat raýdaşlygy» platformasy tarapyndan, «Olary diri görkeziň» atly halkara kampaniýanyň çäginde gurnaldy.

Maglumat ýygnagynyň barşynda «Biziň ýadymyzda» atly fonduň prezidenti Irina Krasowskaýa, Belarusdan ozalky syýasy tussag Dmitriý Bondarenko, Merkezi Aziýa ýurtlaryna gözegçilik edilýän «Memorial» hukuk goraýyş merkeziniň başlygy Witaliý Ponamarew, «Gündogar» websaýtynyň baş redaktory Baýram Şyhmyradow dagy çykyş etdiler.

Brifinge gatnaşanlar Türkmenistanyň we Belarusyň türmelerinde tussaglaryň zorlukly ýitirim bolmagynyň we olaryň adam gynamalaryna sezewar edilmeginiň mysallary barada gürrüň berip, BMG-niň Adam hukuklary geňeşini bu ýurtlarda adam hukuklarynyň ýagdaýyna aýratyn üns bermäge çagyrdylar diýip, «Gündogar» saýtynda aýdylýar.

Şeýle-de BMG-niň adam hukuklary geňeşi Türkmenistanda we Belarusda gürrüňi edilýän jenaýatlarda eli bolan wezipeli adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekmeklige gönükdirilen anyk çäreleriň programmasyny taýýarlamaga çagyryldy diýip, habarda aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, «Olary diri görkeziň» atly kampaniýa geçen ýylyň oktýabrynda, ÝHHG-nyň Warşawada geçirilen ýyllyk adam hukuklary maslahatynyň gapdalynda hukuk goraýjy aktiwistler tarapyndan yglan edilipdi.

Bu kampaniýa Türkmenistanyň ozalky prezidenti S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş esasynda günäli bilnip, uzak möhletli türmä basylan adamlar barada maglumat tapmak üçin başlandy.

«25-nji noýabrçylar» diýen at alan tussaglaryň hossarlary indi on ýyldan gowrak wagt bäri öz tussag edilen garyndaşlaryndan hiç hili habar alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

«Olary diri görkez» kampaniýasynyň öňüni “Graždan raýdaşlygy platformasy” (Civic Solidarity Platform), “Açyk hasabatlylyk” (Crude Accountability), “Demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüş merkezi” (Center for the Development of Democracy and Human Rights), “Azatlyk dosýeleri” (Freedom Files), Norwegiýanyň Helsinki komiteti ýaly guramalaryň agzalary çekýärler.

Şeýle-de bu kampaniýa “Memorial” adam hukuklary merkezi, “Human Rights Watch” ýaly halkara hukuk toparlarynyň goldaw berýändigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG