Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​BMG: Ukrainada kanun we düzgün bozulmalary bolýar


Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasy Ukrainanyň separatistleriň kontrollygyndaky gündogar sebitinde adam alyp gaçmalaryň, bikanun tussag edilmeleriň, gynamalaryň we öldürmeleriň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýan subutnamalaryň has hem köpelýändigini habar berýär.

18-nji iýunda ýaýradylan täze raportda gürrüňi gidýän gurama Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krym sebitinde “howsalaly tendensiýanyň” ýüze çykýandygy barada hem belläp geçýär.

Gürrüňi edilýän beýanat 7-nji maý bilen 7-nji iýun aralygyny öz içine alýar.

BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygy Nawi Pillaý (Navi Pillay) Ukrainanyň Donetsk we Luhansk regionyndaky Russiýa tarapdary ýaragly toparlara “özlerini we şol regionda ýaşaýan adamlary çykgynsyz soňa alyp gitmegi bes etmekleri” üçin çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG