Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​FH täjik alymy barada çagyryş etdi


Adam hukuklaryny goraýan “Freedom House” guramasy Kanadadan Täjigistana baran täjik derňewçisiniň nirededigini “aýdyňlaşdyrmagy” üçin täjik ýolbaşçylaryna çagyryş etdi. Aleksandr Sodikow 17-nji iýunda tussag edilipdi.

17-nji iýunda ýaýradylan beýanatda düýbi Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän guramanyň prezidenti Dawid Kramer Sodikowyň tussag edilmegi “has köp ýitirim bolma ýaly bolup görünýär” diýdi.

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komiteti 17-nji iýunda ýaýradan maglumatynda Sodikowyň ýurduň durnuksyz Horug şäherinde tussag edilendigini habar berdi. Maglumata görä, ol oppozision aktiwistler bilen duşuşandan soň, ady mälim edilmedik ýurduň bähbidine içalyçylyk etmekde şübhelenilip tussag edilipdir.

Täjigistanyň birnäçe resmisi Sodykowyň soňundan boşadylandygyny mälim etdi, emma bu maglumat Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komiteti tarapyndan tassyklanylmady.

31 ýaşyndaky Sodikow Kanadada hemişelik ýaşamaga ygtyýarnamasy bolan täjik raýatydyr. Ol Kanadanyň Toronto uniwersitetindäki we Beýik Britaniýanyň Ekseter uniwersitetindäki doktorlyk derňewleriniň bir bölegi hökmünde käbir täjik we özbek şäherlerine sapar edýändigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG