Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ýaşlaryň dynç almak mümkinçilikleri


Ot ýakyp oýnaýan türkmen çagalary.
Ot ýakyp oýnaýan türkmen çagalary.
Tomsuň gelmegi bilen aglaba adamlaryň, hususanda talyp ýaşlaryň dynç alyş möwsümi başlady. Mälim bolşy ýaly Türkmenistanda ýaşlaryň tomus aýlarynda dynç almagy üçin Awazada hem-de Gökdere jülgesinde binäçe ýöriteleşdirilen dynç alyş we sagaldyş merkezleri açyldy. Bu ýerlerde ýaşlaryň dynç almaklary üçin ähli amatly şertleriň döredilendigi aýdylýar.

Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda bu sagaldyş merkezlerinde dynç almaga türkmenistanly ýetginjekleriň we olaryň ene-atalarynyň ählisiniň gurbunyň çatmaýandygy, ýagny döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhlaryň gaty gymmatdygy aýdylýar. Meselem, Aşgabadyň Gökdere jülgesindäki sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 20 günlük ýollamalaryň adaty, ýeňilliksiz bahalary 620 manatdan başlanýar.

Ene-atasy käbir döwlet edaralarynda işleýän çagalaryň käbirleri bu dynç alyş merkezlerine ýeňillikli bahalar bilen gidip bilseler, şol bir wagtyň özünde bu nyrhy tölemäge mümkinçiligi ýok maşgalalaryň çagalarynyň bolsa, dynç alyş möwsümini obalarda ýa-da öýleriniň daş-töwereginde öz deň-duşlary bilen oýnap geçirýändigi aýdylýar.

Eýsem, häzirki wagt Türkmenistanda ýaşlaryň tomusky dynç alyş aýlarynda dynç almagy, gezelenç etmegi üçin nähili mümkinçilikler bar? Şol mümkinçilikler ýaşlar üçin näderejede elýeterli? Bu pudakda nämeler edilse, ýaşlar üçin has peýdaly bolar?

Öňümizdäki Täze Tolkun gepleşiginde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp aýtmak isleseňiz, biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys. Garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG