Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Pakistan: Zenan aýdymçy öldürildi


Pakistanyň demirgazygyndaky Peşawar şäherinde ýurduň tanymal zenan aýdymçysy atylyp öldürildi.

Peşawar şäheriniň polisiýa resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, öz muşdaklarynyň arasynda Muskan lakamy bilen tanalýan Gul Naz 18-nji iýunda nämälim ýaragly adamlar tarapyndan atylyp öldürilipdir.

Polisiýanyň Gul Nazyň dogan-garyndaşlaryna salgylanyp berýän maglumatynda dört hüjümçiniň aýdymçynyň Peşawar şäheriniň Gulburg sebitindäki öýüne zor bilen girendigi we aýdymçyny atyp öldürendigi bellenilýär.

Şondan soň, aýdymçy gyssagly keselhana alnyp gidilýär. Emma ol keselhana ýerleşdirilenden gysga wagt soň, aradan çykýar.

38 ýaşyndaky Gul Naz puştun dilinde aýdýan aýdymlary bilen meşhurlyga eýe bolupdy. Onuň asly Pakistanyň durnuksyz Haýber Puhtunhwa regionyndaky Mardan etrabynyň Par Hoti territoriýasyndandyr.

Peşawar şäheri gürrüňi edilýän regionyň paýtagtydyr. Bu region Owganystan bilen araçäkleşýär we bu regionda “Talyban” işjeň hereket edýär.
XS
SM
MD
LG