Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Yrakda çaknyşyklar dowam edýär


Yragyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň iň uly nebiti gaýtadan işleýän zawodunyň kontrollygyny öz gözegçiliginde saklap galmak üçin sünni söweşijileri bilen çaknyşdylar. Gürrüňi gidýän zawod Bagdadyň takmynan 200 kilometr demirgazygyndaky Baiji sebitinde ýerleşýär.

Resmileriň sözlerine görä, premýer-ministr Nuri al-Malikiniň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetine tarapdar howpsuzlyk güýçleri gürrüňi gidýän zawodyň kontrollygyny öz gözegçiliginde saklaýarlar. Ýöne şol bir wagtyň özünde hem “Al-Kaýda” hereketiniň bir şahasy bolan “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly toparyň söweşijileri bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.

Muňa garamazdan, “Al-Arabiýa” telewideniýesinde görkezilen wideo ýazgyda zawoddan tüssäniň ýokary göterilýändigi we “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly toparyna degişli baýdagyň binanyň ýokarysynda galgaýandygy görkezilýär.

Baiji geçen hepde “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly toparyň sünni söweşijileri tarapyndan basylyp alnan territoriýada ýerleşýär.

Bu aralykda, Yrak hökümeti söweşijilere garşy howa zarbalaryny amala aşyrmak barada Birleşen Ştatlaryna eden ýüzlenmesiniň jogabyna garaşýar.
XS
SM
MD
LG