Sepleriň elýeterliligi

​Täjik alymy telekanalda görkezildi


Täjik resmileri tarapyndan içalyçylyk aýyplamalary bilen şu hepdäniň başynda tussag edilendigi habar berlen täjik derňewçisi Täjigistanyň durnuksyz Horug sebitindäki ýerli telewideniýede görkezildi. Gürrüňi gidýän derňewçi Kanadadan Täjigistana barypdy.

Ýiti üýtgedilen ýaly bolup görünýän 10 minutlyk wideo ýazgyda Aleksandr Sodikow gorkan hem-de aljyraňly bolup görünýär. Şeýle-de, ol özüniň Horugdaky derňew işleri we ýerli oppozision aktiwisti bilen geçiren duşuşygy barada gürrüň berýär.

Gürrüňi gidýän wideoýazgy Sadikowyň nirededigini aýdyňlaşdyrmak barada “Freedom House” guramasynyň täjik resmilerine eden çagyryşyndan soň görkezildi.

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komiteti Sadikowyň ady mälim edilmedik ýurduň bähbidine içalyçylyk etmekde tussag edilendigi barada 17-nji iýunda yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG