Sepleriň elýeterliligi

​Ukrainada täze çaknyşyklar başlady


Ukrainanyň gündogaryndaky Krasnyý Liman şäherçesiniň golaýynda Ukrain hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapdary separatistleriň arasynda täze çaknyşyklaryň başlanandygy habar berilýär.

Ukrainanyň goranmak ministriniň metbugat wekili Wladislaw Seležnýowyň sözlerine görä, çaknyşyklar söweşijiler ýaraglary taşlamak barada edilen çagyryşy ret edensoň başlapdyr.

Seležnýowyň sözlerine görä, separatistler “agyr adam ýitgilerinden” ejir çekýän mahaly, hökümet güýçleriniň arasynda ýaralananlar bolupdyr.

Ukrainada iki aý bäri dowam edýän çaknyşyklaryň soňuna ýetmek baradaky parahatçylyk planlarynyň çäginde 18-nji iýunda prezident Petro Poroşenko ok atyşygy bir taraplaýyn bes etmegi we Russiýa tarapdary separatistleriň howpsuz çykmagyny teklip edipdi.
XS
SM
MD
LG