Sepleriň elýeterliligi

​Türkmen, wenger liderleri şertnama gol goýdular


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa edýän resmi saparynyň çäginde 18-nji iýunda Budapeştde birnäçe ylalaşyga gol goýuldy. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.

Maglumatda Berdimuhamedow we Wengriýanyň prezidenti Ýanos Ader (Janos Ader) iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk we dostluk barada bilelikdäki şertnama gol goýdular diýilýär.

Wengriýanyň paýtagtynda geçirilen dabaranyň çäginde Türkmenistanyň we Wengriýanyň hökümetleriniň arasynda ylym, bilim we medeniýet pudaklary boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyna’ 2014-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary we Söwda ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada programma; Türkmenistanyň Esasy salgyt gullugy we Wengriýanyň Salgyt we Gümrük gullugynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama gol goýulandy, diýlip türkmen metbugatynda nygtalýar.

Şeýle-de, maglumatda prezident Berdimuhamedowyň Wengriýanyň milli parlamentinde geçirilen ýygnaga gatnaşandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG