Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: NATO-nyň bölümine hüjüm edildi


Owganystanyň resmileri NATO-nyň ýurduň gündogaryndaky bölümine janyndan geçen üç bombaçynyň hüjüm edendigini habar berýärler. Munuň netijesinde polisiýa bilen hüjümçileriň arasynda ok atyşyklar boldy.

Ýurduň polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, hüjümçiler 19-njy iýunda Nangarhar welaýatyndaky Torham serhet geçelgesine hüjüm edipdirler. Bu serhet geçelgesi Owganystanyň Pakistan bilen araçäginde ýerleşýär.

Hüjümçileriň üçüsi hem, howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşyklarda öldürildi. Ýöne ok atyşyk döwründäki partlamalar sebäpli NATO-nyň ýangyç daşaýan ýük ulaglarynyň onlarçasyna zyýan ýetdi.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabiullah Mujahid gürrüňi edilýän hüjümi öz toparynyň amala aşyrandygyny aýtdy. NATO-nyň ýük ulaglarynyň aglabasy Pakistanyň Karaçi şäherinden Torham araçägine baryp, Owganystana geçýär.
XS
SM
MD
LG