Sepleriň elýeterliligi

Bäşim Atahanow aradan çykdy


Bäşim Atahanow Döwranyň rolunda

Bäşim Atahanow Döwranyň rolunda

Türkmenistanda geçen asyryň 60-njy ýyllarynda döredilip, şu günlerem süýjilikde ýatlanýan meşhur çagalar filminiň, «Döwranyň başdan geçirenleriniň» baş gahrymany Döwranyň obrazyny döreden aktýor Bäşim Atahanow aradan çykdy.

Ýerli kinosöýüjiler Bäşimiň oglanjyk wagtynda oýnan bir roly, Döwranyň çeper obrazy bilen türkmen kino sungatynyň taryhyna girmegi başarandygyny aýdýarlar.

Emma türkmen metbugatynda Bäşim Atahanowyň dünýäsini başgalandygy barada hiç bir habar berilmedi.

Azatlyk Radiosy Bäşim Atahanow barada aşgabatly şahyr Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG