Sepleriň elýeterliligi

"Awtobuslar ýetmezçilik edýär"


Awtobusa garaşýan ýolagçylar.

Awtobusa garaşýan ýolagçylar.

Şu hepdäniň başynda türkmen metbugaty Türkmenistanda döwlet syýasatynyň iler tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hem ulag ýollaryny ösdürmek bolup durýar diýip habar berdi. Şeýle-de, maglumatda zerur bolan düzümi ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär diýilýär.

Emma Türkmenistanyň käbir sebitlerinde transport ulgamy bilen baglanyşykly käbir problemalaryň bardygy hakynda Azatlyk Radiosyna wagtal-wagtal maglumatlar gelip gowuşýar.

Şeýle problemalaryň biri hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde göze ilýändigi aýdylýar. Ýagny, bu şäherde awtobus, miniawtobus gatnawlarynyň ýetmezçilik edýändigi, olaryň belli bir tertipde gatnawlary amala aşyrmaklarynda bökdençlikleriň bardygy bellenilýär.

Türkmenabat şäheriniň transport gatnawlaryndaky käbir bökdençlikler barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG