Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Bosgunlaryň sany 50 milliondan aşdy


Owganystanly bosgun çagalar BMG-niň bosgunlar agentliginiň medisina bölüminde, Islamabad, 20-nji iýun, 2014.
Owganystanly bosgun çagalar BMG-niň bosgunlar agentliginiň medisina bölüminde, Islamabad, 20-nji iýun, 2014.
BMG-niň bosgunlar boýunça agentligi (UNHCR) konfliktleriň we krizisleriň gidýän ýerlerinden gaçyp çykan bosgunlaryň sanynyň Ikinji jahan urşundan bäri ilkinji gezek 50 million adamdan aşandygyny aýdýar.

BMG-niň Bosgunlar agentliginiň ýyllyk hasabatyna görä, bosgunlaryň we öz ýurdunyň çäginde öýlerini terk eden adamlaryň sany 2013-nji ýylyň aýagynda 51.2 million adama ýetipdir we ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 6 million çemesi artypdyr.

Hasabat 20-nji iýunda Bütindünýä bosgunlar gününe gabatlanyp çap edildi.

BMG-niň bosgunlar boýunça baş komissary Antonio Guterres metbugat üçin eden çykyşynda dünýäniň “adamlaryň zor bilen göçürilmegine degişli örän güýçli böküş, ýagny aýylganç ýaýbaňlanma” bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdýar.

Bosgunlaryň sany

Siriýadaky graždanlyk urşunyň özi 9 million adamy öz öýlerinden göçmäge mejbur etdi. 2011-nji ýylda konflikt başlanaly bäri 2.5 million adam Siriýany terk etdi we 6.5 million adam öz ýurdunyň çäginde göçmäge mejbur boldy.

Agentligiň aýtmagyna görä, täze krizisler, şol sanda Ukrainadaky we Yrakdaky söweşler öz öýlerini terk edýän adamlaryň sanynyň ýene-de ýokarlanmagyna getirer.

BMG-niň Bosgunlar agentligi dünýä derejesinde bosgunlaryň 86%-niň ösýän ýurtlar tarapyndan kabul edilendigini aýdýar. Jemi 1.6 million bosgunyň mekan tutan ýurdy bolan Pakistan bosgunlary iň köp kabul edýän ýurtdyr, onuň yzyndan Eýran we Liwan barýar.

BMG-niň agentligi gaçybatalga gözleýän çagalaryň sanynyň artmagy bilen bagly aladalanma bildirdi. Agentligiň maglumatyna görä, 2013-nji ýylda 25300 sany ene-atasyz çaga daşary ýurtlarda gaçybatalga gözläpdir.

Howpsuzlyk Geňeşi tankyt edilýär

BMG-niň Bosgunlar boýunça baş komissary Antonio Guterres BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “dünýä boýunça ençeme wajyp meselelerde ysmaz” ýagdaýa salnyp, “konfliktleriň öňüni almaga ýa-da tamamlamaga” ukypsyz bolandygyny aýdýar.

Amnesty International guramasy Bütindünýä bosgunlar güni ýaýradan beýannamasynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini tankyt etdi we onuň halkara derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda “agirt uly şowsuzlyga” uçrandygyny aýtdy. Gurama Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýada, Yrakda we beýleki ýurtlarda dowam edýän konfliktlere çemeleşmekde görkezen “netijesizliginiň we berýän jogaplarynyň gijikmeginiň” zorlugyň güýçlenmegine we sanardan köp jemgyýetleriň weýran bolmagyna ýol açýandygyny belledi.

Amnesty International Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary Orsýeti we Hytaýy Siriýa boýunça islendik “manyly hereketiň” öňüne böwet salmakda aýyplady we olaryň global bosgunlar krizisini çözmäge goşan goşandynyň ujypsyz bolandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG