Sepleriň elýeterliligi

​Siriýa: Onlarça adam öldürildi


Siriýanyň hökümet kontrollygyndaky Hama welaýatynyň bir obasynda amala aşyrylan bombaly ulag partlamasynda azyndan 34 adam öldi we başga-da 40-dan gowragy ýaralandy.

Siriýanyň döwlet mediasynyň maglumatyna görä, hüjüm 20-nji iýunda Al-Horra sebitinde amala aşyrylypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini pitneçi koalisiýa, ýagny “Yslamçy front” öz üstüne aldy.

Siriýanyň Adam hukuklary boýunça synçy topary wakada ölenleriň arasynda parahat ilatdan raýatlaryň, şol sanda howpsuzlyk işgärleriniň bardygyny mälim etdi.

Şeýle-de, düýbi Londonda ýerleşýän bu topar gijäniň dowamynda Hama welaýatynda hökümet güýçleri bilen yslamçy söweşijileriň arasynda çaknyşyklaryň bolandygyny habar berýär.

Dört ýyl bäri dowam edýän Siriýanyň raýat urşunda bombaly ulag partlamalarynyň amala aşyrylmagy giňden ýaýrandyr.
XS
SM
MD
LG