Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gazak şahyrynyň saglygy erbetleşýär


Gazagystanda tussaglykdaky gazak dissidenti Aron Atabek türme ýolbaşçylary tarapyndan ýekelikdäki kamera ýerleşdirilenden soň, onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy habar berilýär. Ol gürrüňi gidýän kamera mundan bir aýa golaý wagt öň ýerleşdirilipdi.

Şu hepdäniň başynda Pawlodar regionyndaky tussaghanadan gizlin daşary çykarylan hatda şahyr Atabek öz saglyk ýagdaýlary barada jikme-jik gürrüň berýär.

Atabek ýazan şol hatynda öz dostlaryna we dogan-garyndaşlaryna mundan birnäçe wagt öň türme sakçylary tarapyndan döwülen bir aýagynyň häzirki wagt çişendigini we agyrýandygyny belleýär.

Atabekiň aýaly Žaina Aýdarhan 20-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda öz adamysynyň nämälim sebäpler bilen 21-nji maýda ýeke saklanylýan kamera geçirilendigini aýtdy.

Türme resmileri bu barada maglumat bermegi ret etdiler.

60 ýaşyndaky Atabek bir polisiýa ofiseriniň öldürilmegi bilen tamamlanan köpçülikleýin protestleri gurnamakdaky roly üçin 2007-nji ýylda 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Atabek özüniň günäsizdigini nygtaýar. Ol günäsini kabul eden halatynda türmeden boşadyljakdygy barada 2012-nji ýylda hökümetiň teklip eden günä geçişligini ret edipdi.
XS
SM
MD
LG