Sepleriň elýeterliligi

​Nawalnyýnyň öýünde gözleg işleri geçirildi


Moskwanyň derňewçileri Kremliň tanymal tankytçysy Alekseý Nawalnyýnyň ýaşaýyş jaýynda gözleg-agtaryş işlerini geçirdiler.

Russiýanyň Derňew komitetiniň berýän maglumatyna görä, gullugyň işgärleri Nawalnyýnyň öýüne 20-nji iýunda ir bilen barypdyrlar. Maglumatda gürrüňi gidýän öý dökmeleriň Nawalnyýnyň 2007-nji ýylda oppozision partiýa galplyk edendigi aýdylýan iş bilen ilteşikli amala aşyrylandygy bellenilýär.

Nawalnyýnyň metbugat wekili öýden birnäçe zadyň, şol sanda köne fakturalaryň we Nawalnyýnyň harby hasaba durandygy baradaky kitapçanyň ele salnandygyny habar berdi.

Moskwa Helsinki toparynyň ýolbaşçysy Lýudmila Alekseýewa bu wakanyň özüne 1930-njy ýyllarda Staliniň arassalaýyşy mahaly howpsuzlyk ofiserleri tarapyndan amala aşyrylan gijeki derňewleri ýatladandygyny aýtdy.

Nawalnyý özüniň sud işiniň syýasy maksatlydygyny aýdyp, özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG