Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Täjik seržantyna dokuz ýyl kesildi


Täjigistanyň demirgazyk Hujand welaýatynyň harby sudy harby gulluga çagyrylan esgeri urup-ýenjip öldürendigi üçin Täjik armiýasynyň seržantyny dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

19-njy iýunda sud seržant Faruh Dawlatowy aprel aýynda Akmal Dawlatowy ödürmekde günäli tapdy we onuň berk režimli türmede dokuz ýyl tussag edilmegi üçin höküm çykardy.

Seržant bilen öldürilen esgeriň arasynda dogan-garyndaşlyk arabaglanyşygy ýokdur.

Ilkibada ýurduň harby resmileri Dawlatowyň iýmitden bogulyp ölendigini aýdypdylar.

Şeýle-de, 19-njy iýunda Duşenbäniň tribunaly harby gulluga çagyrylan esgeriň saglygyna çynlakaý zyýan ýetireni üçin harby doktor Usmonali Gaýratowy dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
XS
SM
MD
LG