Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Hüjümlerde dört adam öldi


Owganystanda polisiýa lybasyndaky ýaragly adamlaryň ýurduň Paktia welaýatynyň häkimi Joma Han Hamdardynyň ulag kerwenine hüjüm etmegi netijesinde üç adam öldürildi we başga-da üç sanysy ýaralandy.

Balh welaýatynda amala aşyrylan bu hüjüm Hamdardyň kerweni Mazar-e Şarif şäherinden Kabula sapar edýän mahaly bolup geçdi.

Üç sagat dowam eden ok atyşygyň netijesinde Hamdardyň üç janpenasy öldürildi. Wakada häkime zeper ýetmedi. Bu ok atyşykda bir polisiýa ofiseri we başga-da iki janpena ýaralandy.
XS
SM
MD
LG