Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

E.Şafak: "Eser ýazmagyň kadalary ýok"


Birnäçe baýraga mynasyp bolan türk ýazyjysy Elif Şafak.
Birnäçe baýraga mynasyp bolan türk ýazyjysy Elif Şafak.
Elif Şafak birnäçe baýraga mynasyp bolan türk ýazyjysydyr. Ol öz eserlerini türk we iňlis dillerinde ýazýar. Onuň 13 kitaby, şol sanda “Ata we nikasyz ogul”, “Yşgyň 40 düzgüni”, “Isgender” we onuň öz şahsy durmuşyndan ýazan “Gara süýt” atly ýatlamalar kitaplary çapdan çykdy.

Şafagyň “Gara süýt” atly kitabynda onuň çaga dograndan soň düşen depressiw ýagdaýy, ýagny käbir aýallarda bolýan agyr sussupesligi bilen göreşi barada gürrüň edilýär.

Onuň eserlerinde “saýrylygyň”, ýagny aýal bolmagyň, migrantlaryň, jynsy azlyklaryň ýa-da dürli ynançlaryň sesleri ýaňlanyp, ol sesler medeniýetleri aşyp, kontinentleri gaplap alýarlar. Şafak hekaýa aýdyp bermegiň güýji barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň üstünlikli hekaýaçy, ýazyjy bolmagyňyzyň altyn düzgünleri nämede?

Elif Şafak: Dogrymy aýtsam, munuň reseptleri ýa-da formulalary bardyr öýdemok, ýöne meniň has üns berýänim ýürek we duýgular. Döredijilikli ýazmak okuwlarynda biz “Siz näme bilýän bolsaňyz, şony ýazyň” diýýäris, ýöne bu meniň ynanýan düzgünim däl. Men her bir adamyň ýüregi nämäni duýýan bolsa, şony ýazmalydygyna ynanýaryn.

Bu siziň aň-bilimiňiz, pähimliligiňiz ýa-da logikaňyz bolmaly däl, bu siziň ýüregiňiz bolmaly. Şeýlelikde biz tä arabaglanyşygy duýýançak, islendik we ähli zat barada ýazyp bileris. Bu sungatyň owadanlygydyr. Bu bir transsendent, ýagny filosofiýada akyl ýetirip bolmaýan bir tejribedir.

Ondan başga-da men tutuş ynsan tejribesini sanlyja sahypada açyp görkezýän ýekeje hekaýanyň hem bardygyna ynanamok. Esasy zat sesleriň köplügini saklamakdyr.

Biz taryha ser salanymyzda şol bir režimiň we şol bir medeniýetiň dürli adamlar tarapyndan dürli görnüşde başdan geçirilip biljekdigini görýäris. Meselem, meniň ýaňy-ýakynda tamamlan kitabym Osman imperiýasynyň XVI asyrynda bolan käbir wakalary öz içine alýar.

Gürrüňi edilýän asyrda ýaşan ermeni ýa-da ýewreý ol döwri dolandyryjy elita gatlagyna degişli adamynyňkydan üýtgeşik görnüşde başdan geçirendirler. Edil şolar ýaly-da haremhana köşgünde ýaşan zenan bilen tenini satýan aýal gürrüňi gidýän döwri dürliçe başdan geçirendirler.

Biz başdan geçirmeleriň köplügine, ýagny dürli-dürli bolýandygyna düşünmelidiris we hiç haçan hiç kime adamzat taryhynyň islendik döwrüni azaldyp, bir hekaýa sygdyrmagyna rugsat bermeli däldiris. Sebäbi bu resmi taryhyň bize edýän zatlarydyr. Milletçi taryhlar dürli-dürlüligi, köplügi azaldyp, taryhy bir hekaýa sygdyrmaga dyrjaşýarlar we olar, ine, “şu hakykat” diýýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz hem ene, hem-de üstünlikli ýazyjy. Aýal gowy ene hem-de şol bir wagtyň özünde-de üstünlikli karýera eýe bolup bilmez, diýlen düşünje näme üçin size degişli däl?

Elif Şafak: Ilkibada men eser ýazmak bilen eneligiň arasyndaky deňagramlylyga örän aňsat ýetip bilmedim. Sebäbi meniň ähli goşlarym çemedanymdady we bir ýurtdan başga bir ýurda göçüp-gonup ýaşaýardym.

Men hemişe örän garaşsyzdym we erkin pikirlenýän adamdym. Bir ýerde durnukly ýaşamak baradaky düşünje ilkibada meni gorkuzypdy.

Meniň ilkinji çagam dünýä ineninden soň, çaga doglandan sekiz aý çemesi soňky depressiýany, sussupesligi başdan geçirdim. Meniň “Gara süýt” atly kitabymda şol başdangeçirmelerim beýan edilýär. Şol depressiýa maňa köp zatlary öwretdi. Şonda meniň öz gorkularym we gaýgy-aladalarym bilen ýüzbe-ýüz bolmaga mazalyja mümkinçiligim bolupdy.

Depressiýanyň agyr geçýändigine garamazdan, ol biziň üçin, dogrusy, gymmatly bir mümkinçilikdir. Sebäbi biz depressiýany başdan geçiren wagtymyz, ol bize özümizi gaýtadan döretmek üçin ajaýyp mümkinçilik berýär we men hem bu mümkinçilikden peýdalandym. Men üns bilen öz böwrümi diňledim we içimde alty sany dürli-dürli Elifi, ýagny özümi tapdym.

Azatlyk Radiosy: Siz öz eserleriňizde ermeni we türk syýasaty baradaky meseleleri gozganyňyz üçin, siziň eserleriňiz tankyt edildi. Şol tanyktlara siz nähili jogap berýärsiňiz?

Elif Şafak: Maňa adamlardan, ähli taraplar boýunça hemişe tankytlar gelip gowuşýar. Sebäbi men ýurdumdaky gapma-garşylygy, tarapgöýlügi halamaýaryn we men şol çaprazlyklaryň çäklerinden daşary çykmaga synanyşýaryn. Meniň dürli taraplardan okyjylarym bar. Olar liberallar, çepçiler, konserwatiwler. Meniň başatgy atynýan okyjylarym hem bar, gysga ýubka geýýän okyjylarym hem bar. Bu dürlilik meniň üçin gymmatly.

Gynansak-da, meniň ýurdumda ähli zat polýarizlenen görnüşe eýe boldy. Biz psihiki gettolara bölünen ýagdaýa düşdük. Meniň pikirimçe welin, sungatyň we edebiýatyň bölmek däl-de, birleşdirmek ähmiýeti bar. Men bölünme bilen däl-de, baglanyşma bilen gyzyklanýaryn.

Meniň pikirimçe, her bir adam dürli seslerden düzülendir. Biz hemişe demokratiýa barada, hamana ol hökman adamynyň daşyny gurşaýan zat hökmünde gürrüň edýäris, emma welin, adamyň öz içinde-de demokratiýa bolmaly. Biziň içimizde nähili režim bar? Ol absolýut monarhiýamy? Ol diktator režimimi ýa-da plýuralistik demokratiýamy?
XS
SM
MD
LG