Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmen buýsanjynyň çeşmesi'


Baýram Lallykowyň "Magtymguly" diýen işi.
Baýram Lallykowyň "Magtymguly" diýen işi.
Türkiýe-Türkmenistan dostluk jemgyýetiniň gurujy başlygy Salahatdin Baýsal 1992-nji ýylda ilkinji gezek Türkmenistana baryp, ol ýerden Magtymguly Pyragynyň kril hatynda çap edilen goşgular ýygyndysy bilen yzyna, Türkiýä dolanýar. Bu kitaby oňa Aşgabatda sowgat berýärler.

Şondan kän wagt geçmänem Magtymgulynyň goşgulary türk diline terjime edilip, aýratyn kitap görnüşinde türk okyjylaryna ýetirilýär.

Salahatdin Baýsal «bu goşgulardan türkmenleriň milli ruhunyň we buýsanjynyň çeşmesi Magtymgulyny tanadyk» diýip, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

«Dünýä türkmenleri» gepleşigimiziň Magtymguly Pyragynyň dünýä türkmenleriniň arasynda ýatlanyşyna bagyşlanan ýörite söhbetdeşligini diňläp, onuň edebi-akyl mirasynyň dünýä türkmenleriniň içinde öwrenilişi barada öz pikir-garaýyşlaryňyzy, arzuw-islegleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Dünýä Türkmenleri: 'Türkmen buýsanjynyň çeşmesi'
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG