Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly bosgunlaryň sebäpleri


Soňky ýyllarda dürli sebäplere görä, käbir türkmenistanlylar daşary ýurtlara zähmet çekmäge gidýärler.

Soňky ýyllarda dürli sebäplere görä, käbir türkmenistanlylar daşary ýurtlara zähmet çekmäge gidýärler.

Şu gün Bütindünýä bosgunlar güni bellenilip geçilýär. Bu gün mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar boýunça agentligi ýörite ýyllyk hasabatyny çap etdi. Onda konfliktleriň we krizisleriň gidýän ýerlerinden gaçyp çykan bosgunlaryň sanynyň Ikinji jahan urşundan bäri ilkinji gezek 50 million adamdan aşandygy aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly soňky ýyllarda Türkmenistandaky ykdysady ýagdaýlar, işsizlik sebäpli Russiýa, Türkiýä ýa-da dünýäniň beýleki ýurtlaryna gidýän türkmenistanlylaryň sany barada takyk statistiki maglumat elýeterli bolmasa-da, olaryň sanynyň köpdügi aýdylýar. Olaryň arasynda dürli sebäplere görä bosgunlyk statusyny almak üçin Birleşen Milletler Guramasyna ýüz tutýanlaryň hem bardygy bellenilýär.

Azatlyk Radiosy Bütindünýä bosgunlar güni mynasybetli Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly bosgunlar bilen söhbetdeş boldy. Türkmenistanly Kerimiň näme üçin bosgunlyga ýüz tutandygy we bu ýolda başdan geçiren kynçylyklary barada beren gürrüňlerini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.


Türkiýede türk raýaty bilen resmi taýdan nikalaşan türkmenistanly Maýa hem bosgunlyga ýüz tutmagynyň sebäpleri barada gürrüň berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG