Sepleriň elýeterliligi

Kerri Bagdatda Maliki bilen gepleşýär


Kerri Waşington yrak halkynyň ähli yraklylara wekilçilik edýän ýolbaşçylary tapmagyny isleýär diýdi.

Kerri Waşington yrak halkynyň ähli yraklylara wekilçilik edýän ýolbaşçylary tapmagyny isleýär diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Bagdatda Yragyň söweş taýýarlygyndaky premýer-ministri Nury al-Maliki bilen, has açyk we köp tarapy içine alýan yrak hökümetini düzmek barada basyş etmek üçin, gepleşik geçirdi.

Kerri tas iki sagada çeken gepleşkileri «gowy» diýip häsiýetlendirdi.

Kerri Yragyň paýtagtyna 23-nji iýunda, Yragyň yslam döwletiniň we Lewantyň jeňçileriniň garaşylmadyk ýerden hüjüme geçip, Siriýanyň serhedinden günbatar we demirgazyk Yragyň köp ýerini ýele geçirmesinden iki hepdä golaý soň geldi.

Kerriniň Bagdatdaky ýolbaşçylaryň has açyk we köp tarapy içine alýan hökümet düzmegi üçin basyş etmegine garaşylýar, emma Waşingtondaky resimler onuň Malikiniň işden çekilmegine çagyrmajagyny aýdýarlar.

Kerri 22-nji iýunda Kairde çykyp gepläp, Waşington yrak halkynyň ähli yraklylara wekilçilik edýän ýolbaşçylary tapmagyny isleýär diýdi.


Yragyň hökümetinde ýurduň şaýy köplüginiň agzalary agdyklyk edýär we ýurtdaky sünni musulmanlarynyň köpüsi özlerini çetleşdirilen hasaplaýar.

Kerriniň sapary Yragyň yslam döwletiniň we Lewantyň (YYDL) Yrakda gazanan üstünliklerini berkitmegi dowam etdirýän wagtyna gabat geldi.

YYDL indi Siriýadan we Iordaniýadan Yraga geçilýän serhet geçelgeleriniň üçüsine, Tal Afar şäherine we onuň aeroportuna kontrolluk edýär.

Yragyň hökümet güýçleri YYDL söweşijilerini Mosuldan çykarmak üçin hüjüme geçjek bolsalar, olara Tal Afar aeroportuny ulanmak gerek. Mosul, Tikrit bilen bir hatarda, şu aýyň başynda YYDL söweşijeleriniň öňünde ýan beren ilkinji uly şäherler bolupdy.

YYDL-yň hüjümi haýallady, emma ol Yragy mezhep liniýalary boýunça iki bölege böldi.

21-nji iýunda dyzmaç ruhany Muktada al-Sadra ygrarly şaýy mlisiýasy, YYDL söweşijilerine garşy durmaga taýýardyklaryny görkezmek üçin, Yragyň şäherlerinde ýöriş geçirdiler.

Eýran hem Yragyň hökümetine kömek teklibi bilen öňe çykdy we Tährandaky resmiler YYDL-a Yragyň mukaddes şaýy şäherlerini eýelemäge ýol bermejekdiklerini aýtdylar.

Eýran eýýäm Yraga, hökümet güýçlerini goldamak üçin, harby geňeşçilerini ýollady.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 22-nji iýunda YYDL-y goldamakda güman edilýän arap sünni hökümetlerine duýduryş berip, «başgalara küşgürilen wagşy terrorçylaryň özüňize zyýan ýetirmejegine ynanmaň» diýdi.

Rohany «ertir siziň nobatyňyz bolar» diýdi.

YYDL-yň Yrakda peýda bolmagy Tähran bilen Waşingtonyň dialog açmagyna iterdi, sebäbi olaryň hiç birisi Yragyň YYDL ekstremistleriniň öňünde ýan bermegini islemeýär.

YYDL Yrakda ýüzläp adamy eden-etdilikli ýagdaýda jezalandyryp öldürmekde günälenýär.
XS
SM
MD
LG