Sepleriň elýeterliligi

​ÝB: Russiýa garşy has köp sanksiýalar girizilip bilner


Ýewropanyň birnäçe daşary işler ministri Russiýa garşy has köp sanksiýalary girizmek bilen haýbat atdy. Olar bu çäräni Russiýa Ukrainanyň hödürlenen parahatçylyk plany bilen hyzmatdaşlyk etmekde we ýurduň gündogarynda bolup geçýän ýagdaýlara goşulyşmagy togtatmakda şowsuz bolan ýagdaýynda amala aşyrjakdyklaryny bellediler.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 23-nji iýunda Lýuksemburgda duşuşýarlar. Bu duşuşyk Brýussel Kiýew bilen taryhy Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmazdan birnäçe gün öň amala aşyrylýar.

Gürrüňi gidýän bileleşik şu wagta çenli Russiýanyň käbir resmilerine garşy wiza gadaganlyklaryny girizip, bank hasaplaryny doňdurmak barada buýruk çykarypdy. Ýöne Moskwa garşy has giň göwrümli ykdysady sanksiýalary girizmekden saklanypdy.

Britaniýanyň daşary işler ministri Willian Heýg (William Hague) zerur bolsa, Ýewropa Bileleşigi 27-nji iýunda geçiriljek sammitde, eger-de zerur bolsa, Russiýa garşy has köp çäreleri kabul etmek barada özara ylalaşyga gelip biler diýdi.
XS
SM
MD
LG