Sepleriň elýeterliligi

​Müsür: Žurnalistlere ýedi ýyl kesildi


Kairiň sudy “Al-Jazeera” korporasiýasynyň üç žurnalistini aýry-aýrylykda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Gürrüňi gidýän žurnalistler habary ýoýmakda we gadagan edilen “Musulman doganlygy” hereketi bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplandylar.

“Al-Jazeera” korporasiýasynyň iňlis dili bölüminden prodýuser Baher Muhammad, awstraliýaly Peter Greste, asly müsürli Kanadanyň raýaty Muhammad Fadel Fahmi Müsürde sud edilen 20 tussagyň arasyndady. Kairde geçirilen bu sud işi Müsürde metbugat çäklendirmeleriniň artýandygy baradaky aladalanmalar dowam edýän mahaly halkara nägilelikleriň döremegine sebäp boldy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar, şol sanda “Amnesty International" guramasy we düýbi Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) Kairde ýyl kesilen žurnalistleriň azat edilmegi üçin çagyryş etdiler.

Düýbi Katarda ýerleşýän “Al-Jazeera” korporasiýasy žurnalistlere ýöňkelen aýyplamalary “esassyz, kabul ederliksiz we adalatsyz” diýip atlandyrdy.

Kairde suduň çykaran bu karary “Al-Jazeera” korporasiýasynyň esasy arap dilindäki kanalynda işleýän žurnalisti Abdulla Elşami (Abdullah Elshamy) azat edilenden birnäçe gün soň bolup geçdi.
XS
SM
MD
LG