Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Pakistan: Hökümete garşy ruhany ýurda dolandy


Pakistanyň paýtagty Yslamabadyň halkara aeroportynda polisiýa Kanadada ýaşaýan tanymal ruhanynyň tarapdarlary bilen çaknyşdy. Bu çaknyşyk gürrüňi gidýän ruhanynyň ýurtda hökümete garşy “rewolýusiýa” diýip atlandyrýan çäresini geçirmek üçin Yslamabada dolanmagynyň edil öň ýanynda bolup geçdi.

Polisiýa Tahirul Kadriniň (Tahirul Qadri) takmynan 2 müň çemesi tarapdaryna garşy göz ýaşardyjy gazy ulanyp, olar bilen söweşdi.

Maglumatlara görä, Kadrini Pakistana alyp baran uçar Lahor şäherine ugradylmazdan öň, birnäçe sagatlap Yslamabadyň aeroportynyň ýokarysynda aýlanypdyr. Kadriniň Pakistana edýän bu sapary Lahor şäherinde ruhanynyň tarapdarlary bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklarda sekiz adamyň öldürilmeginden bir hepde soň amala aşyrylýar.

Kadri Pakistana sapar etmeginiň öňüsyrasynda ýaýradan beýanatynda hökümete garşy özüniň “rewolýusiýa” amala aşyrmaga taýýardygyny aýdyp, ýurduň armiýasyna gowy baha beripdi.
XS
SM
MD
LG