Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: “Talyban” 37 adamy boşatdy


Owganystanda “Talyban” hereketi 10-njy iýunda ýurduň Gazny welaýatynda alnyp gaçylan 37 mugallymy we sekiz studenti azatlyga goýberdi.

Gandahar häkimliginiň berýän maglumatyna görä, Gazny welaýatyndaky tire-taýpa ýaşululary alnyp gaçylanlaryň boşadylmagy üçin “Talyban” hereketi bilen gepleşikleri geçirenden soň, olar azatlyga goýberilipdirler.

Gandahar döwlet uniwersitetiniň mugallymlaryndan we studentlerinden ybarat topar Gandahardan Kabula awtobusly sapar edýän mahaly “Talyban” hereketi tarapyndan alnyp gaçylypdy.

Şondan soň “Talyban” hereketi alnyp gaçylanlary iki topara bölüp, olary Gazny welaýatyndaky dürli ýerlerde girewine saklapdy.

Alnyp gaçylanlaryň boşadylandygyny “Talyban” hereketi hem tassyklady.
XS
SM
MD
LG